Parahatçylygyň kepili

9 Dekabr 2022
111

Ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeler bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Şolaryň hatarynda hoşniýetliligi, bitaraplygy, ynsanperwerligi, dost-doganlygy görkezmek bolar. Bu günki gün türkmen halkynyň şol asylly ýörelgeleri beýleki halklar bilen özara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan ykrar edilmegi uly mertebe, belent buýsançdyr. Biz şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllygyny belleýäris. Halkymyz bu şanly senäni uly dabaralar, şatlyk-şowhun bilen garşylaýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi mizemez gymmatlygymyz, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin, gülleýän durmuşy berdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha beýgelýän eýýamynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär.

Jeren ÝEGENOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.