Bagtymyzyň gözbaşy

9 Dekabr 2022
110

Bitaraplyk — merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwy, öz nesillerine öwüt-ündew eden pähim-paýhasy, ertirki aýdyň güne bolan çagyryşydyr. Bitaraplyk — bu mähriban enelerimiziň mylaýym hüwdüsine meýmiräp uka giden balajygyň parahat asmanyň astynda, şadyýan guşlaryň şirin nagmalarynyň sesine ukudan oýanmagydyr.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy parahatçylyk ugrunda yzygiderli çykyş etmegi we göreşmegi aňladýar. Türkmen Bitaraplygy ata Watanymyzyň döwletleriň arasyndaky dawalara goşulyşmaýan we garşydaş taraplaryň hiç birine-de harby kömek bermeýän döwletleriň syýasy we hukuk ýagdaýyny aňladýan düşünjedir.

Aýna JORAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň mugallymy.