Döwlet syýasatynyň möhüm ugry

9 Dekabr 2022
74

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer syýasaty ýurdumyzda her bir adamyň we raýatyň hukuklaryny amala aşyrmaga, adalatly jemgyýetde bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy hem ýurdumyzda zenan mertebesini belent tutmakda alnyp barylýan işleriň dünýä derejesindäki ykrarnamasydyr.

Şirin DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.