Sport – dost-doganlyk köprüsi

9 Dekabr 2022
75

Hormatly Prezidentimiz: «Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän syýasaty alyp barýarys» diýip nygtaýar. Arkadagly Serdarymyzyň bu dürdäne sözleriniň döwrümiziň ajaýyp hakykatydygyna 3-nji dekabrda bolup geçen şanly wakanyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de ol ýerde dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň sport baýramçylygyna bildirýän gyzyklanmasy ýurdumyzda sporty ösdürmäge hem-de wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu sport baýramçylygy Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinden futbolçylary we sportuň örän özüne çekiji bu görnüşiniň janköýerlerini bir ýere jemledi.