Türkmen karateçisiniň bürünç medaly

9 Dekabr 2022
47

7-8-nji dekabrda Italiýa Respublikasynyň Ýesolo şäherinde karatedo boýunça ulularyň hem-de 21 ýaşa çenli (U21) türgenleriň arasynda geçirilen Wenesiýanyň Kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşdan hoş habar gelip gowuşdy.

Türkmen türgeni bu abraýly ýaryşyň bürünç medalyna eýe boldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby Dawut Nazmyradow 21 ýaşa çenli türgenleriň 75 kilograma çenli agramdaky ýaryşyna çykdy. Şeýlelikde, ynamly çykyş eden türkmen türgeni Wenesiýanyň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagyň hötdesinden geldi.

«Türkmen sporty».