Ýaryşlara beslenýän dekabr

9 Dekabr 2022
49

Şu günler sportuň birnäçe görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatlarydyr birinjilikleri geçirilýär. Şol ýaryşlar türkmen türgenleriniň mümkinçiliklerini açmakda, milli ýygyndy toparlarymyzyň düzümini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Golaýda şol ýaryşlaryň çäklerindäki adaty karate hem-de badminton bäsleşikleri jemlendi. Diýseň dartgynly geçen pauerlifting ýaryşynyň gutarnykly netijeleri düýn kesgitlendi. Onda agyrlygy galdyrmagyň ussatlarynyň birnäçesi ýurdumyzyň çempionlygy ugrunda ýiti göreş alyp bardylar.

«Türkmen sporty».