Okuw-türgenleşik sapagy

9 Dekabr 2022
48

Kikboksing ýetginjekleriň hem-de çagalaryň iň söýgüli sport görnüşleriniň biridir. Bu görnüş eziz Diýarymyzda hem uly meşhurlyga eýedir. Kikboksing bilen meşgullanýan çagalaryň hem-de ýetginjekleriň ajaýyp üstünliklere eýe bolmagy sportuň bu görnüşinden ussatlaryň täze nesliniň kemala gelýändigini görkezýär.

Golaýda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 4-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Döwlet Nurmyradowyň sportuň şu görnüşi bilen meşgullanýan çagalar bilen geçiren görkezme okuw-türgenleşik sapagy hem bu hakykatyň beýanyna öwrüldi. Çünki Döwlet mugallymyň Diýarymyzda kikboksingiň meşhurlygyny artdyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň 3-nji sport mekdebinde geçiren sapagy oňa gatnaşyjylara düýpli täsirini ýetirdi. Munuň özi sapaga gatnaşýan ýaşlaryň ruhubelentliginde, ynamly hereketlerinde aýdyň şöhlelendi.

«Türkmen sporty».