Ýeňişli ýollar

9 Dekabr 2022
46

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki sport abraýyny belende götermek ugrunda beýik işleri amala aşyrýar.

Talyp türgenlerimiz ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň düzüminde sportuň görnüşleri boýunça Olimpiýa şäherçesinde, sport toplumlarynda we beýleki sport maksatly binalarda geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Ýokary okuw mekdebimiziň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň täze binalar toplumynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen bilelikde talyp türgenlerimize berilýän nazary bilimleriň hilini ýokarlandyrmak, olaryň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak boýunça degişli işler utgaşykly alnyp barylýar. Institutymyzda dünýä we sebit derejesindäki iri halkara sport çärelerine, şol sanda Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk işleri guramaçylykly dowam etdirilýär.

Şöhrat MÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň dekany.