Iňlis dili hepdeligi

9 Dekabr 2022
57

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebinde iňlis dili hepdeligi geçirilýär.

Hepdelik ýurdumyzyň olimpiýa ätiýaçlygyny ýetişdirýän mekdebiň okuwçylarynyň iňlis dili boýunça kämillik derejesini görkezdi. Mekdebiň iňlis dili mugallymlary Maýa Amandurdyýewanyň hem-de Aýnagül Babaýewanyň okuwçylar bilen geçen gyzykly sapaklary geljekki ussatlaryň bu ugurda has-da kämilleşmeklerini şertlendirdi.

Mährijemal JUMAÝEWA,
«Olimp» orta sport mekdebiniň direktorynyň orunbasary.