«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Uniwersiadanyň gyzykly ýaryşlary Diýarymyzyň sport durmuşyny özboluşly öwüşgine besleýär. Golaýda bu sport baýramçylygynyň çägindäki bilýard bäsleşigi jemlendi. Ýaryşa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 17-siniň toparlary gatnaşdy.
Turuwbaşdan has ynamly çykyş eden Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilýardçy ýaşlary ýeňşi elden bermediler. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary ikinji orna mynasyp boldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryndan düzülen topar bolsa öňdäki üçlügi jemlemegiň hötdesinden geldi.