Paýtagtly artistler — Lebapda

9 Dekabr 2022
113

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler Lebap ilinde-de barha giň gerim alýar. Baýramçylyk dabaralarynyň şatlyk-şowhuny göwünlere ganat bagladýar.

Şu gün Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda paýtagtly we lebaply sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda guralan konsert hem köpadamly boldy. Türkmen ilinde giň meşhurlyk gazanan aýdymçylar — Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Eldar Ahmedow, zehinli aýdymçylar Çynar Jumaýewa, Pöwrize Gulamowa, Parahat Pürjäýew we beýlekiler welaýatymyzyň sungat muşdaklarynyň öňünde aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Olaryň hoş owaz bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary ýurt Garaşsyzlygymyzyň, şu günler giňden toýlanylýan Halkara Bitaraplyk gününiň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň, dost-doganlygyň waspy bolup ýaňlandy. Meşhur aýdymçylar şonuň ýaly-da söýgi, mähir-muhabbet mowzugyndaky aýdymlary hem ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bezemen sahnada ýaňlanan aýdym-sazlar meşhur tans toparlarynyň göçgünli tanslary bilen utgaşdy.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar