Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

6 Dekabr 2022
72

5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri häzirki günlerde sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça görülýän çäreler, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler. Şunuň bilen bir hatarda, häkimler bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi, häzirki wagtda bugdaýa gögeriş we ösüş suwunyň tutulýandygy, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleriniň guramaçylykly alnyp barylýandygy, welaýatda pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändigi barada habar berdiler.

Türkmen gündogary.
Beýleki habarlar