5-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty boldy. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi we makullanyldy.
«Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy gün tertibiniň esasy meselesi boldy.