5-nji dekabrda Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi.
Bu çäre hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty bilen baglylykda, türkmen-amerikan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilendir. Çykyş edenler dünýäniň iň oňat tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlyga açykdygyny hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge bolan ymtylmalaryny goldaýandyklaryny nygtadylar.