Sport täzelikleri

6 Dekabr 2022
91

Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde  welaýatymyzyň türgenleri hem netijeli çykyş etdiler. Türkmen milli göreşi boýunça Balkanabat şäherinden Arazmyrat Annaýew, Begenç Döwletow, Bereket etrabyndan Myrat Janmämmedow birinji, welaýat merkezinden Umyt Annamämmedow, Rüstem Hajygurbanow, Serdar etrabyndan Ysmaýyl Ýowarow, Bereket etrabyndan Eldar Ruslanow üçünji orunlara mynasyp boldular.

Guşakly göreş boýunça geçirilen ýaryşda bolsa degişli agram derejesinde Eldar Ruslanowa taý gelen tapylmady. Şeýle-de guşakly göreşden Balkanabat şäherinden Gözel Arazgeldiýewa bilen Türkmenbaşy etrabyndan Göwher Geldimyradowa çempion bolmagy başardylar. Sportuň bu görnüşi boýunça Balkanabatdan Yslam Babaýew we Hesel Arazgeldiýewa, Serdar etrabyndan Ylham Seýitmyradow ikinji, welaýat merkezinden Umyt Amanmämmedow, Rüstem Hajygurbanow, Begenç Döwletow, Bereket etrabyndan Umyt Döwrangulyýew, Dawut Nazarow, Türkmenbaşy etrabyndan Mirasguly Gurbanow, Aýzada Bazarowa, Aýjeren Bakyýewa, Hatyja Baýrammämmedowa üçünji orunlary eýelediler.

Aşyrberdi Gurbanow,
«Balkan».