Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

6 Dekabr 2022
101

2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li möhüm me­se­le­le­re, şeý­le hem taý­ýar­la­nan resmi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy.

Il­ki bi­len, Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa söz be­ril­di.Ol al­nyp ba­ryl­ýan ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da Mej­li­siň iş topar­la­ryn­da mi­nistr­lik­ler­den we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­dan ge­lip go­wuş­ýan tek­lip­ler öw­re­nil­ýär, ka­nu­ny­ly­gy, hu­kuk ter­tibini berkitmek, kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak, döwlet emlägini hu­su­sy­laş­dyr­mak, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-durmuş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­lany­şyk­ly he­re­ket ed­ýän Ka­nun­la­ry kä­mil­leşdir­mek bo­ýun­ça iş­ler do­wam et­di­ril­ýär.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).