Mil­li Ge­ňe­şi­ň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zin­de iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di

6 Dekabr 2022
67

3 -nji dekabrda Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zin­de iş mas­la­ha­ty­ny ge­çirdi. On­da bu iri mer­ke­ziň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň ta­mam­laý­jy tap­gyr­da do­wam ed­ýän gur­lu­şyk iş­le­ri­niň al­nyp bar­ly­şy ara al­nyp mas­la­hat­laşyl­dy hem-de bu ugur­da gel­jek­de ýe­ri­ne ýe­tiril­me­li öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di.

Mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şiniň ag­za­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we degiş­li jo­gap­kär ýol­baş­çy­lar ça­gy­ryl­dy.