Geçen hepdäniň sişenbe güni, ýagny 29-njy dekabrda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Bakuda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy ýokarlandyrmagyň we geljek döwürde has giňeltmek üçin bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellediler.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Ilham Aliýew hem ýakymly sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa öz salamyny we hoşniýetli sözlerini ýollady. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň resmi metbugaty habar berdi.