3-nji dekabrda Gökdepe etrabynyň çäginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen ýörite çäreleriň dowamynda ele salnan neşe serişdelerini we bikanun ýol bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy.
Oňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, Hökümetiň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem hormatly ýaşulular gatnaşdylar.