Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi

6 Dekabr 2022
86

2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilýän Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 17-nji mejlisinden gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. Ol şu ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasyny bu gurama tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilendigini belläp, döwlet Baştutanymyzy bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz habary kanagatlanma bilen kabul edip hem-de mejlise gatnaşyjylara, ähli ildeşlerimize ýüzlenip, mähriban halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Çynar AKMÄMMEDOWA,
Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar