Türkmeniň alabaý iti – wepalylygyň nusgasy

6 Dekabr 2022
453

Türk­men hal­ky öz ala­baý iti­ne we­pa­ly dost hök­mün­de ga­rap­dyr. Türk­men­ler ala­baý­lary gü­jük­li­gin­den ter­bi­ýe­läp, özü­ne ynam­ly, buý­sanç­ly it­ler edip ýe­tiş­di­rip­dir­ler. Ala­baýlar ço­pan goş­la­ryn­da, do­war sü­rü­le­ri­niň ýanyn­da ola­ry mö­jek­ler­den we beý­le­ki ýyr­ty­jylar­dan yg­ty­bar­ly go­ra­ýar­lar. Ala­baý­la­ryň sü­rä ço­zan iki-ýe­ke mö­jek­ler­den däl-de, hat-da möjek ordasyndan hem üstün çykan wagtlary­nyň az däl­di­gi­ne köp ta­ry­hy ýaz­gy­lar, ýa­şulu­la­ryň gür­rüň­le­ri şaýatlyk ed­ýär.

Ço­pan­lar alabaý it­le­riniň to­hum­la­ry­ny aýap sak­lap­dyr­lar, iý­mi­ti­ni ýe­ti­rip, ba­kyp-beje­rip ulal­dyp­dyr­lar. Şeý­le sak­la­nan ala­baý­lar hem eýe­si­ne we­pa­ly bo­lup ýe­ti­şip­dir. Arassa to­hum­ly ala­baý­lar na­mys­jaň, ba­tyr, mert, we­pa­ly bol­ýar­lar. Eýe­si­ne we­pa­ly it ha­kynda söh­bet açy­lan­da, «It-we­pa», «It gel­di, gut gel­di» ýa­ly pe­der­le­ri­mi­ziň dö­re­den aja­ýyp ma­ny­la­ry özün­de jem­leýän, paý­has si­ňen na­kyl­la­ry ýa­dy­ňa düş­ýär. Bu na­kyl­lar­da alabaý­la­ryň go­wy gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri dog­ru­syn­da gür­rüň edil­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­myz öz ala­baý­lary­na, edil at­la­ry­na ga­ra­ýyş­la­ry ýa­ly, maş­ga­lanyň bir ag­za­sy hök­mün­de ga­rap­dyr­lar.

Ýagşygül BAÝGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi Ylmy kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar