Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

6 Dekabr 2022
55

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­laryn­da ge­le­şik­le­riň 13-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Tür­ki­ýeden, Ow­ga­nys­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan, Gru­zi­ýadan we BAE-den ge­len te­le­ke­çi­ler «Türk­men­gaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi, «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­larynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýan­gy­jy­ny, ne­bit bi­tu­my­ny we awia­ke­ro­si­ni sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de, Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ri­len dür­li reňk­ler­däki we dür­li öl­çeg­ler­dä­ki düz bo­ýa­lan, žak­kard sütük­li önüm­ler hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we gur­lu­şyk mi­nistr­li­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­düri­len port­land se­men­ti sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 18 mil­li­on 454 müň 375 dol­la­ry­na deň bol­dy. Ma­nat se­riş­de­si­ne Tür­ki­ýe­den ge­len işe­wür­ler Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­laryn­da ön­dü­ri­len, je­mi ba­ha­sy 780 müň ma­nat­lyk nah ýüp­lü­gi­ni sa­tyn al­dy­lar