Ýüpek ýolunyň merkezinde Suese bäsdeş – 8 ýyl mundan ozal, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly ulanmaga tabşyryldy

6 Dekabr 2022
115

Sekiz ýyl mundan ozal, 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň açylyşy boldy. Bu waka dünýä ähmiýetli bu özboluşly taslamany durmuşa geçiren döwletleriň baştutanlarynyň – Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we Eýranyň prezidenti Hasan Ruhanynyň gatnaşmagynda geçirildi.  

Gazagystandan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana täze örän gysga ýol boýunça ilkinji demirýol otly düzümi ugradyldy, üç goňşy ýurduň liderleri bolsa onuň ilkinji ýolagçylary bolup, olara täze ýoldan geçmek nesip etdi.