Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

6 Dekabr 2022
82

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo we ýurduň ähli halkyna Finlýandiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Finlýandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

(TDH)