Dostluk daragty gül açýar

6 Dekabr 2022
96

Bitarap Türkmenistan dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri bolan Koreýa Respublikasyny möhüm hem-de ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar. Iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygy 30 ýylyň dowamynda birek-biregi hormatlamak, deňhukuklylyk we uzak möhletleýin ýörelgelere daýanýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy esasynda, türkmen-koreý dostlugy dünýäniň durnukly ösüşiniň meseleleri boýunça birek-biregiňkä meňzeş garaýyşlarynyň esasynda, bilelikdäki hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna uly itergi berýär. Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldap çykyş edýär. Biziň ýurdumyz hem öz nobatynda, koreý tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we hemmetaraplaýyn ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň, şeýle hem abraýly halkara guramalara hödürleýän teklipleriniň tarapdary bolup durýar.

Koreýa bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bilim, ylym, medeniýet, sport, syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlarda has-da giňeldilýär. Ýurdumyzda koreý diline hem-de bu halkyň gadymy özboluşly medeniýetine uly hormat goýulýar. Bilim ojaklarynda koreý dili öwredilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2008-nji ýyldan bäri koreý dilinden ýokary derejeli hünärmenler, dilçi mugallymlar we terjimeçiler taýýarlanýar. 2008 — 2019-njy ýyllar aralygynda Günorta Koreýa Respublikasyndan Kim Ik Hwan, Kim Mijung, Žeon Wook we Kim Hýun Hee ýaly mugallymlar talyplara bilim berdiler hem-de koreý diliniň başarnyklaryny öwretdiler.

Laçyn HYDYROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Uzak Gündogar dilleri kafedrasynyň öwreniji mugallymy.