Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy

6 Dekabr 2022
71

Dünýäde çaga şatlygyndan uly şatlyk ýok bolsa gerek. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan eziz Watanymyzda bolsa olaryň her güni şatlyk-şowhuna beslenýär. Her ýylyň dekabr aýynda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününde çagalaryň hem egsilmez şatlygy bar. Çünki Bitaraplyk diýmek parahatçylyk diýmekdir. Ýurt parahatçylygy, asman asudalygy biziň bagtyýar durmuşymyzyň baş sakasydyr.

Ýurdumyzda toýlar toýa, baýramlar baýrama utgaşyp gelýär. Şu günler bütin dünýäniň adamlary bilen birlikde, halkymyz hem Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamak üçin ykjam taýýarlyk görýär. Täze ýyl maşgalanyň, çagalaryň baýramy. Ähli çagalar baglarynda bolşy ýaly, biziň bakja bagymyzda hem çagalar Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan goşgulardyr aýdymlary, tanslary uly höwes bilen öwrenýärler. Olar özleriniň çykyşlaryny päkize arzuwlaryna goşup beýan edýärler.

Maýagözel JUMAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 184-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.