Daglar

6 Dekabr 2022
98

Janly tebigatdan serpaýyn alyp,
Geýinipdir ap-ak begresin daglar.
Jennetiň künjegin ýadyňa salyp,
Ak nura besläpdir degresin daglar.

Çal başly atamy ýanyma alyp,
Münen bedew atym çarpaýa galyp,
Göwün göterilýär asmana galyp,
Her sapar siz taýa ugrasam, daglar!

Akmyrat MUHADOW.