Talyplar zehin-başarnyklaryny görkezdiler

6 Dekabr 2022
90

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy we Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Magtymgulynyň ynsanperwerlik, döwletlilik we agzybirlik ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly şygryýet bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşige onuň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan talyplar gatnaşdylar. Olar Magtymguly Pyragynyň goşgularyny, Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne eserlerini, Arkadagly Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan beýik işlerini, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, türkmen tebigatyny we umumadamzat gymmatlyklaryny wasp edýän goşgulary labyzly okamak boýunça bäsleşdiler. Emin agzalary talyplaryň şygryň sözlerini, goşgy setirleriniň, bentleriniň dogry we doly manysyny ýüze çykaryp aýtmak, şygyr ýatdan aýdylanda, artistlik ukyplaryny — hyjuwlylygy, ýürek joşgunyny we beýlekileri ses, hereket, obraz döretmek arkaly ýüze çykarmak boýunça ukyplaryna baha berdiler.

Muhammet GELDIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.