40 wagondan ybarat ýük otlusy Türkiýäniň, Eýranyň we Türkmenistanyň çäginden geçip, Özbegistana geldi diýip, Özbegistanyň Milli habarlar gullugy habar berýär. Habarda wagonlara hojalyk enjamlarynyň (sowadyjy enjamlar) ýüklenendigi aýdylýar.
Otly Türkiýe — Eýran — Türkmenistan — Özbegistan ugrundaky ilkinji ýük otlusydyr. Häzirki wagtda bu ugur boýunça 250-den gowrak wagon ugratmak meýilleşdirilýär.