«S7 Airlines» Türkmenbaşy şäherine uçuş wagtynda türkmen raýatlary üçin PCR test synaglaryny ýatyrdy

6 Dekabr 2022
63

Russiýanyň «S7 Airlines» awikompaniýasy Moskwadan Türkmenbaşy şäherine uçuşlary boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin PCR test synagynyň zerurlygyny aradan aýyrdy. Bu baradaky degişli bölüm awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda täzelendi.

Dogry resminamalar we ähli wiza talaplary berjaý edilende raýatlara Türkmenistana girmäge rugsat berilýär.