Türkmen-katar dostlugy

5 Dekabr 2022
89

Dekabr aýynyň 3-ne hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi. Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurda ugramazyndan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ganem bin Abdullah Al Romaýhi bilen gürrüňdeş boldy.

«Watan».