Katar — 2022: utulan çykýar

5 Dekabr 2022
100

Katar — 2022 Dünýä Kubogynda toparçalardaky duşuşyklar tamamlanyp, 16 ýygyndy 1/8 finala çykdy. 1/8 finala çykan ýygyndylaryň 8-si UEFA-nyň wekilleri boldy. Ýer eýeleri Aziýa yklymynyň, has takygy, AFK-nyň hem 3 wekili 1/8 finala çykmagy başardy. Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek AFK-dan 3 ýygyndy 1/8 finala çykdy. Günorta Amerikadyr Afrikadan 2, Demirgazyk Amerikadan hem 1 topar 1/8 finala adyny ýazdyrdy. 1/8 finala çykan toparlaryň hiç birine-de toparçalarynda 9 utuk toplamak başartmady. Şeýle netije soňky gezek 1994-nji ýyldaky çempionatda hasaba alnypdy.

Toparçalarda geçirilen 48 oýunda 120 gol derwezä girizildi. Bu bolsa ortaça 2,5 gol diýmekdir. Katar — 2022 dünýä Kubogy Günorta Afrika 2010-dan soň toparçalarda iň az gol geçirilen çempionat boldy. Toparçalardaky oýunlaryň 6-synda hasap açylmady.

Hajymyrat SÖÝÜNOW,
sport žurnalisti.
Beýleki habarlar