KATAR -2022: toparçalaýyn tapgyryň garaşylmadyk «sowgatlary» pleý-off oýunlary we çempion barada çaklamalar

5 Dekabr 2022
99

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda tutuş dünýäniň sport jemgyýetçiligiKatarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatyny üns bilen synlaýar. Ilkinji gezek arap ýurtlarynda geçirilýän mundial ýokary guramaçylyk derejesi bilen oýunçylardyr tälimçileri-de, tomaşaçylary-da göwni hoş edýär. Sebäbi, ýaryşy geçirmek üçin Katar döwleti 210 milliard dollardan gowrak serişde sarplady. Şonuň üçin hem ýaryş guramaçylygy boýunça islendik adamyň uzak wagtlap ýadynda galmaga ukyply diýse bolar. Katar-2022-ni oýunlaryň netijeleri babatda hem entek-entek unutmazlar. Çünki, eýýäm bäsleşigiň toparçalaýyn tapgyrynda hiç garaşylmadyk netijeler hasaba alnyp, baş baýraga dalaş eder diýlen toparlaryň birnäçesi pleý-off ýollanmasyndan binesip ýagdaýda öýüne dolanmaga mejbur boldular.

Toparçalaýyn tapgyryň esasy wakalary

Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar