Türkmenistan — Katar: gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ugry bilen

5 Dekabr 2022
38

Aşgabat — Doha — Aşgabat, 3-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy. 

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň sport baýramçylygyna bildirýän gyzyklanmasy ýurdumyzda sporty ösdürmäge hem-de wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu sport baýramçylygy Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinden futbolçylary we sportuň örän özüne çekiji bu görnüşiniň janköýerlerini bir ýere jemledi. 

Beýleki habarlar