Sport ul­ga­my üs­tün­lik­le­ri na­zar­la­ýar

5 Dekabr 2022
114

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde milli ösüşiň giň göwrümli gazananlary bilen dünýä meşhurdyr. Parahatçylygyň belent maksatlarynyň hem-de ösüşiň bähbidine ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldilýär. Şonuň bilen birlikde parahatçylygyň, dostlugyň kepili bolan sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyklar döwrüň talabyna görä barha ösdürilýär. Çünki, sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan belent güýçdir.

Türgenler agzybirlik bilen güýç synanyşýarlar, bäsleşýärler. Olardan ukyplylar, erjeller ýeňiş gazanýarlar. Şeýlelikde, gazanylýan netijeler sportuň diňe bir türgenleriň arasyndaky medallar ugrundaky ýaryşlar däldigini görkezmek bilen asudalygy we agzybirligi kepillendirýän gatnaşyklaryň binýady hasaplanylýar.

Allaberdi SAPAROW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar