Be­ýik iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär

4 Dekabr 2022
158

2-nji de­kabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­dow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li mö­hüm me­se­le­le­re, şeý­le hem taý­ýar­la­nan res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy.

Il­ki bi­len, Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa söz be­ril­di. Ol al­nyp ba­ryl­ýan ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da Mej­li­siň iş to­par­la­ryn­da mi­nistr­lik­ler­den we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­dan ge­lip go­wuş­ýan tek­lip­ler öw­re­nil­ýär, ka­nu­ny­ly­gy, hu­kuk ter­ti­bi­ni ber­kit­mek, ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­mak, döw­let em­lä­gi­ni hu­su­sy­laş­dyr­mak, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly he­re­ket ed­ýän Ka­nun­la­ry kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça iş­ler do­wam et­di­ril­ýär.

«Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti».
Beýleki habarlar