2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler.