Sport mekdeplerinde

2 Dekabr 2022
69

Ýakynda 2011-2012-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň grek-rim göreşi boýunça açyk birinjiligi geçirildi. Aşgabat şäherindäki 79-njy orta mekdepde guralan ýaryşa paýtagtyň sport mekdeplerinden we Daşoguz, Ahal, Balkan, Mary welaýatlaryndan 100-den gowrak türgen gatnaşdy. Ýaryş 11 agram derejesinde geçirilip, onda 5-nji sport mekdebiniň türgenlerinden S.Şirow (22 kg), A.Koroglyýew (23 kg), B.Ataýew (25 kg), G.Gurbanmuhammedow (26 kg), I.Köşekow (29 kg), D.Annamyradow (32 kg), A.Begimow (35 kg), A.Ýusupow (42 kg), K.Nazarow (+50 kg) öz agramlarynda baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Ýeňiji bolan türgenler medallardyr Hormat hatlary bilen sylaglandy.

Atajan ÖWEZNEPESOW,

Beýleki habarlar