Paýtagtyň birinjiligi

2 Dekabr 2022
63

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde gözel Diýarymyzda ýaş nesle sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmakda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Şeýle-de, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary ýokary guramaçylykly geçirmek üçin döwrebap sport desgalarydyr toplumlary hereket edýär.

Golaýda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýurdumyzyň Kikboksing federasiýasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen kikboksing boýunça paýtagtymyzyň açyk çempionaty hem şeýle şert-mümkinçilikleriň beýany boldy. Oňa paýtagtymyzdaky sport mekdeplerinde tälim alýan türgenleriň 200-den gowragy gatnaşyp, baş baýrak ugrunda özara güýç synanyşdylar. Ýaryş esasan hem kikboksingiň lou-kik usuly boýunça 2006-2007-nji, 2008-2009-njy, 2010-2011-nji, 2012-2013-nji hem-de 2014 – 2016-njy ýyllarda doglan türgenleriň arasynda guraldy.

Rejepmuhammet ORAZMUHAMMEDOW,
«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar