Şu günler talyp ýaşlaryň durmuşy gyzykly sport ýaryşlaryna beslenýär. «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Uniwersiadanyň çäklerindäki ýaryşlaryň gyzykly pursatlary olara ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlaýar. Golaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilen sambo ýaryşyny hem şeýle bäsleşikleriň biri hökmünde görkezmek bolar. Ýokary okuw mekdepleriň 17-sini jemlän ýaryş agramlaryň ýedisi boýunça guraldy.
Şunlukda, toparlaýyn hasapda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryndan düzülen ýygyndy ýeňiji boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary ikinji orna mynasyp boldular. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti üçünji orna eýe çykdy.