Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

2 Dekabr 2022
78

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma Birleşen Arap Emirlikleriniň milli baýramy — Döwletiň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hatynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ýola goýlan hem-de häzirki wagtda netijeli we durnukly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklara ýokary baha bermek bilen, onuň ähli ileri tutulýan ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň noýabr aýynda bu gözel ýurda amala aşyran saparyny örän ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtap, onuň dowamynda geçirilen gepleşikleriň, gol çekilen resminamalaryň uly toplumynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we pugtalandyrmaga uly itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

(TDH)
Beýleki habarlar