Agzybirlik — döwrüň ajap namasy

1 Dekabr 2022
135

Hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä ýaň salýan şirin mukamynyň astynda Garaşsyz Diýarymyz dünýäniň öňdebaryjy, ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryndan barha uly orun alýar. Halkymyzyň rowaçlygyny, ata Watanymyzyň abadançylygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi bilen baglanyşykly işleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Depginleriň bir pursatlyk-da peselmeýändigine ýurdumyzyň durmuşynda günüň-gününe bolup geçýän wakalara nazar aýlanyňda-da buýsanç bilen göz ýetirse bolýar.

25-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň innowasion ösüşi bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garady. Nebithimiýa senagatynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny kanunçylyk taýdan goldamak, obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler, türkmen elektrik energiýasynyň möçberiniň artdyrylmagy hem-de onuň eksport ugurlarynyň giňeldilmegi, «ýaşyl» energetikanyň ösdürilmegi, ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, Ahal welaýatynda birnäçe desgalaryň ulanmaga berilmegine taýýarlyk mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň amaly ylmy-barlag edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutyny doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmegiň maksadalaýyk hasaplanýandygy habar berildi. Mejlisde hormatly Prezidentimiz «Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz generatorlaryny düýpli abatlamak barada şertnama baglaşmagy hakynda» we «Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda» Kararlara gol çekdi.

«Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar