«Dialog — parahatçylygyň kepili»

1 Dekabr 2022
128

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary hem dostlukly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Koreýa Respublikasynda resmi saparynyň çäklerinde 27-nji noýabrda dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo bilen duşuşygynda Gahryman Arkadagymyz parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmek we ony ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýän anyk wezipeleri çözmäge gönükdirmek, ýaşlar parlamentara hyzmatdaşlygynyň usullaryny döretmek we netijeli ulanmak, türkmen we koreý zenan parlamentarileriniň özara hyzmatdaşlyk usulyny işläp taýýarlamak, azyk howpsuzlygy, ekologiýa, elýeterli lukmançylyk we bilim ýaly ugurlarda esasy wezipeleri çözmek bilen baglanyşykly teklipleri dostlukly ýurduň wekilleri tarapyndan uly goldawa mynasyp boldy. Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy meşhur türkmen şahyrlarynyň we filosoflarynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşandygyny aýdyp, şahyr, akyldar Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsiniň baýdygyny, onuň ähli halklarda ägirt uly gyzyklanma döredýändigini belledi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

«Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar