Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan öňdengörüjilikli durmuş-ykdysady strategiýasy hormatly Prezidentimiz tarapyndan ykdysady, durmuş we ekologiýa jähetden ösüş ýörelgelerine esaslanyp üstünlikli dowam etdirilýär. Maksatly ädilýän ädimler bolsa ýurdumyzy üstünliklerden üstünliklere atarýar. Agzybirlikli, maslahatly amala aşyrylýan işleriň her biri halkyň durmuş hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna gönükdirilýär. 23-nji noýabrda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi hem geljek ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanunyň esasy maddalaryny düýpli seljermäge we olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň möhüm wezipelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyldy.
Maslahat, geňeş — ýaşaýyş-durmuş meseleleri babatda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren beýik pelsepesi. Çünki geňeşip amala aşyrylýan işiň şowlulyga beslenýändigi, maslahatly biçilen donuň göwnemakul bolýandygy halkymyzyň ruhy dünýäsinde beýanyny tapýan hakykat. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň geljek ýylyň Döwlet býujeti bilen baglanyşykly meseleleri ýurdumyzyň dürli gatlaklarynyň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmagynyň geljekki ösüşlerimize badalga berjekdigine ählimiz ýürekden ynanýarys.