Ählumumy parahatçylygyň rowaçlanmagy

1 Dekabr 2022
94

Şöhraty äleme dolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli ulgamlarynda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilen tutumlaryň netijesinde gazanylýan ösüşler döwletimiziň şanyna şan goşýar. Ýurtda agzybirligi we asudalygy pugtalandyrmak, daşary ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak we yzygiderli ösdürmek berkarar döwletimizde alnyp barylýan döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Ata Watanymyzy ösdürmek, halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmak hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Halkymyzyň saýlap alan demokratik ýoly türkmeniň goňşusy bilen duz-çörekli gatnaşýan halkdygyny hem-de agzybirligi, asudalygy eziz görýän milletdigini aýdyň görkezýär. «Açyk gapylar» syýasatynyň dabaralanýan ýurdy bolan Türkmenistan döwletimiz halkara bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen syýasaty öňe sürýär. Abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ata Watanymyz sebitiň we dünýäniň ähli ýurtlary bilen parahatçylykly hem-de dostlukly gatnaşyklary saklaýar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň  21—22-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi sapary hem aýdyň tassyklaýar.

«Adalat».
Beýleki habarlar