Türkmen halkyna bagtyýarlygyň ýaran bolan täze taryhy eýýamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri hem-de il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary kanunçylyk taýdan goldap, olaryň hukuk esaslaryny berkitmek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Milli kanunçylygymyz Türkmenistanyň Esasy Kanunyna daýanmak bilen, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, jemgyýetimiziň has-da jebisleşmeginde ygtybarly esas bolup çykyş edýär.
Elbetde, türkmen jemgyýetinde gazanylýan ösüşler milli kanunçylygyň kämilleşmegi esasynda amala aşyrylýar. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işlerde halkara tejribeler içgin öwrenilýär hem-de olaryň iň ygtybarly ugurlary ornaşdyrylýar. Munuň özi täze taryhy eýýamda kanunçylyk ulgamyny döwrebap kämilleşdirmegiň, olary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda baýlaşdyrmagyň döwlet işiniň esasy ugurlarynyň biridigini doly tassyklaýar.