Hormatly Prezidentimiziň parasatly tagallalary esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty parahatçylykly ösüşiň täzeden-täze şanly wakalary bilen baýlaşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 27—29-njy noýabrynda Koreýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň baý mazmunly wakalary hem iki dostlukly döwletiň tejribeli hyzmatdaşlygyny täze belentliklere çykaran netijeleri bilen halkymyzy egsilmez buýsanja besledi.