Ajaýyplygyň nusgasy sen, Aşgabat!

1 Dekabr 2022
79

«Merkezi Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen paýtagtymyzyň barha täzelenýän keşbinde arhitekturanyň iň soňky gazananlary bilen merdana halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhynda döreden umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen, millilige siňdirilen binalara seredeniňde, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň depginini, halkymyzyň baý taryhy we medeni däplerini özünde jemleýän keşbini görmek bolýar. Binagärligiň täze nusgasyny özünde jemlän paýtagtymyzda janyňa şypa, köňlüňe joşgun berýän gözellik jemlenendir.

Soňky ýyllarda aýdyň geljegiň nury bolan Aşgabat şäherimiziň tanalmaz derejede özgeren keşbi Türkmenistanyň at gazanan Arhitektory Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan berkarar döwletimizi özgertmegiň toplumlaýyn çemeleşmesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şäherde gurlan, binagärlik sungatynyň dürdänesine öwrülen we millilige siňen gaýtalanmajak gözelligi bilen göreni haýran edýän birnäçe desgalar Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 

Batyr ILAMANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.
Beýleki habarlar