Dört gün­lük iş hep­de­si he­mi­şe­lik gal­dy­ryl­dy

1 Dekabr 2022
47

Şu ýyl Ang­li­ýa­da bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa­nyň gat­naş­ma­gyn­da sy­nag mak­sa­dy bi­len 4 gün­lük iş hep­de­si­ne ge­çi­lip­di. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň hem gol­daw ber­ýän sy­na­gy­na gat­na­şan kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri bu düz­gü­niň iş­gär­le­riň ön­jeý­li iş­le­me­gi üçin has amat­ly­dy­gy­ny bel­läp, he­mi­şe­lik gal­dyr­mak ka­ra­ry­na gel­di­ler. Ýurt­da je­mi 2600 iş­gä­ri bo­lan, dür­li ugur­lar­da iş alyp bar­ýan 100 tö­we­re­gi kom­pa­ni­ýa hep­de­lik 4 gün­lük işiň he­mi­şe­lik gal­dy­ryl­ma­gy­ny mü­wes­sa bil­di­ler. Kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri iş sa­ga­dy­ny azalt­maz­dan, iş gü­nü­niň azal­dyl­ma­gy­nyň iş­be­ri­ji üçin hem, iş­gär­ler üçin hem amat­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Şeý­le düz­gü­ne ge­çen kär­ha­na­la­ryň ara­syn­da «Atom Bank» ma­li­ýe eda­ra­sy hem-de «Awin» hal­ka­ra mar­ke­ting kom­pa­ni­ýa­sy bar.

Uzak ara­lyk­dan iş­le­mek ýa-da iş sa­ga­dy­ny azalt­mak düz­gü­ni pan­de­mi­ýa döw­rün­de ýo­la goý­lup­dy. Bu düz­gün dün­ýä­niň baş­ga ýurt­la­ryn­da hem ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.

Beýleki habarlar