Kim, ha­çan oýlap tapdy?

1 Dekabr 2022
59

Poç­ta. Adam­zat dur­mu­şyn­da oý­la­nyp ta­py­lan iň esa­sy ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň bi­ri hem poç­ta­dyr. En­tek teh­no­lo­gik en­jam­la­ryň ýok ma­ha­ly bi­ri-bi­rin­den uzak­da ýa­şa­ýan ko­wum-ga­ryn­daş­lar hat alyş­mak ar­ka­ly ha­bar­laş­ýan eken­ler. Mu­nuň üçin bol­sa poç­ta­nyň hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nyp­dyr­lar. Şol dö­wür­ler­de poç­ta ara­gat­na­şy­gy hat gat­na­dy­jy adam, el­de­ki­leş­di­ri­len kep­de­ri­ler, itiň kä­bir gör­nü­şi, uý­gun­laş­dy­ry­lan at­lar, söw­da ýo­lun­da­ky ker­wen­ler ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ry­lyp­dyr. Bu­lar ýer­li ara­gat­na­şyk bo­lup, res­mi taý­dan poç­ta ul­ga­my has soň ýü­ze çyk­ýar. Ýaz­ma­ça res­mi­na­ma­la­ry hal­kyň içi­ne ýaý­rat­mak üçin res­mi­leş­di­ri­len ça­par hyz­ma­ty il­kin­ji ge­zek Mü­sür­de ýü­ze çyk­ýar. Mi­la­dy­dan öň­ki 2400-nji ýyl­lar­da fa­ra­on­lar ýur­duň çä­gi­ne ha­bar (tä­ze çy­kan per­man) iber­mek üçin ça­pa­ryň hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nyp­dyr­lar. Halk köp­çü­li­gi­ne ni­ýet­le­nen poç­ta hyz­ma­ty il­kin­ji ge­zek Eý­ran­da ýü­ze çyk­ýar. Mi­la­dy­dan öň­ki 550-nji ýyl­lar­da bu ýer­de adam­lar do­gan-ga­ryn­daş­la­ry­na hat ýa­zyp, olar­dan gel­jek jo­gap ha­ty­ny al­mak müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bo­lup­dyr­lar. Şol ýyl­lar­da goň­şy döw­let­ler­de hem poç­ta­nyň pars ul­ga­my meş­hur bo­lup, ýö­ri­te ça­par­lar işe al­nyp, olar ýyn­dam at­lar bi­len üp­jün edi­lip­dir. Hat­la­ry alan ça­par bel­le­nen ara­ly­gy ge­çen­soň, beý­le­ki ça­pa­ra poç­ta­ny ge­çir­ýär, ol hem in­di­ki ça­pa­ra... Bu ul­gam ýö­ri­te dö­re­di­lip, ça­par­lar poç­ta­nyň çalt bar­ma­gy üçin bel­le­nen ýer­ler­de ge­zek­leş­ýär­ler. Or­ta Azi­ýa­da bir­nä­çe döw­let­le­riň ara­syn­da ýo­la goý­lan hat gat­na­dy­jy ça­par­la­ryň ýa­nyn­da ýö­ri­te go­rag­çy­lar ber­ki­dil­ýär. Poç­ta ul­ga­my bir­nä­çe ýyl­dan soň Hin­dis­tan­dyr Hy­ta­ýa, Ýa­po­ni­ýa­dyr Ri­me hem ýaý­ra­ýar.

Rim im­pe­ri­ýa­syn­da 1490-njy ýyl­da «Tak­sis» ady bi­len ta­nal­ýan hat gat­na­dy­jy Frans fon poç­ta ul­ga­my­ny iş­läp düz­ýär. Il­ki­baş­da köşk­de hat gat­na­dan Frans 1517-nji ýyl­dan soň maş­ga­la­sy bi­len bi­le­­lik­de ra­ýat­la­ra hem hyz­mat edip baş­la­ýar. 1716-njy ýyl­da Is­pa­ni­ýa­da ra­ýat­lar üçin el­ýe­ter­li poç­ta hyz­ma­ty hök­mün­de «Cor­reo­sy Te­leg­ra­fos» dö­re­di­lip, 1756-njy ýyl­da il­kin­ji ge­zek res­mi taý­dan poç­ta iş­gä­ri we­zi­pe­si dö­re­dil­ýär. 1762-nji ýyl­da poç­ta gu­tu­la­ry peý­da bol­ýar. 1840-njy ýy­la çen­li ibe­ri­len hat­lar ka­bul edi­ji ta­ra­pyn­dan tö­le­nip, poç­ta tö­le­gi hat ibe­ri­ji­den aly­ja çen­li ge­çi­len ýo­luň uzyn­ly­gy­na, ka­gy­zyň sa­ny­na hem-de poç­ta­nyň ag­ra­my­na gö­rä kes­git­le­nip­dir. Iň­lis oý­lap ta­py­jy­sy Row­lend Hill öňün­den tö­leg edil­ýän, ýel­men­ýän mö­hür­li (mar­ka) poç­ta ul­ga­my­ny iş­läp düz­ýär. Bu ul­gam örän ar­zan bo­lup, şon­dan soň­ra ibe­ril­ýän hat­la­ryň sa­ny iki-üç es­se art­ýar. XIX asy­ryň or­ta­la­ryn­da ýö­ri­te en­jam ula­ny­lyp, yg­ty­ýar­na­ma esa­syn­da poç­ta üçin öňün­den tö­le­nen buk­ja­la­ry ýa­sa­ma­gyň usu­ly iş­le­nip dü­zül­ýär. Bu usul­da taý­ýar­la­nan buk­ja­lar bank­lar­da we poç­ta şa­ham­ça­la­ryn­da ula­nyl­ýar. Soň­lu­gy bi­len yg­ty­ýar­na­ma al­maz­dan prin­ter­de çap edip bol­ýan buk­ja­lar ula­ny­lyp baş­lan­ýar. 1874-nji ýyl­da Äh­lu­mu­my poç­ta bi­le­le­şi­gi (UPU) dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da 192 döw­let bu bi­le­le­şi­giň ag­za­sy bo­lup, BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len agent­li­gi hök­mün­de hal­ka­ra poç­ta alyş-ça­lyş düz­gün­le­ri­ni kes­git­le­ýär.

Beýleki habarlar